German poçta edarasy (Deutsche Post) uçar bilen hat gatnatmagy bes edendigini mälim etdi. Poçta edarasy 63 ýyldan bäri hatlary ýurduň içinde uzak aralyga ugratmakda howa gämilerinden peýdalanýar. Indiden beýläk hatlar ýurduň çäginde awto ýollar arkaly daşalar. Şeýlelikde, hat ibermek bilen bagly ýüze çykýan kömürturşy gazynyň 80 göterim azaljakdygy bellenilýär. Poçta edarasy hatlary gatnatmak üçin “Lufthansa” kompaniýasyna degişli “Eurowings” hem-de “Tui Fly” awiakompaniýasynyň uçarlaryndan peýdalanylýardy. Ýurduň demirgazygy bilen günortasynyň arasynda – Ştutgart-Berlin, Hannower-Mýunhen we Hannower-Ştutgart ugurlarynda hat gatnadýan uçarlar 28-nji mart güni soňky uçuşlaryny amala aşyrdylar.
Poçta edarasyna eýeçilik edýän “DHL Group”-yň Germaniýadaky poçta amallary bölüminiň müdiri Mark Hitşfeld klimat özgerişliginiň bolup geçýän döwründe Germaniýanyň içindäki hatlaryň howa gatnawy arkaly daşalmagynyň mundan beýläk dogry bolup bilmejekdigini aýtdy.
Mundan ozal ýurduň hökümeti poçta barada kanun taslamasyny taýýarlady. Entek parlamentde sese goýulmadyk kanunda, hatlaryň gysga wagtda eltilmegini birneme ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda poçta gullugy hatlaryň azyndan 80 göterimini poçta tabşyrylan gününden soňky iş güni degişli salgysyna eltmäge borçlanýar. Täze kanunda hat tabşyrylan gününden soňky üçünji iş gününe çenli 95 göterimini salgysyna eltmegi göz öňünde tutulýar.
Germaniýada 1961-nji ýylyň sentýabrynda ýurduň içindäki hatlar uçar bilen iberilip başlanypdy. 1990-njy ýyldan başlap gury ýerden hem-de howa ýoly arkaly gatnadylýan poçtanyň möçberi görnetin artyp başlady.
Ýewropa ýurtlarynda awto ýa-da demir ýoly bilen has çalt eltilip bilinmeýän bolsa, hatlary gatnatmakda köplenç, uçardan peýdalanylýar.