S.A.Nyýazowadyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «AÇYKGAPYLAR» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. Olar uniwersitet barada maglumatlar bilen www.to hu.edu.tm web saýty arkaly hem tanşyp bilerler.
«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:
Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy.
Telefon belgileri: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda.
Salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: (800322)9-33-92, 9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.
Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefon belgileri: (800422)9-89-56, 9-87-71, 9-88-12.
Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.
Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy.
Telefon belgileri: (800564) 6-00-83, 6-07-84, (800522) 6-30-82.