“Shell” britan-niderland energetika kompaniýasy dünýäniň iň gymmat bahaly nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdeligini saklap galdy. Bu barada “Brand Finance” seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda bellenilýär.
“Brand Finance” kompaniýasynyň uly müdiri Sawio D’Souzanyň aýtmagyna görä, “Shell”-iň nebitgaz pudagynda öňdebaryjy dünýä brendleriniň arasynda lider ornuny saklamagy “kompaniýanyň uzak möhletleýin korporatiw strategiýasy baradaky meselelere garamazdan, ajaýyp durnuklylygy görkezýär”.
Bir ýylda kompaniýanyň nyrhy 4 göterim gymmatlap, 50,3 milliard dollara deň boldy. Sanawda ikinji orny öňküsi ýaly “Saudi Aramco” (46,1 milliard dollar), üçünji orny “PetroChina” (28,5 milliard dollar), dördünji orny “Sinopec” (26,7 milliard dollar) eýeledi. Bäşinji orna “BP plc” (18,5 milliar dollar) çykdy, Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bolsa 17 milliard dollar görkeziji bilen altynjy orna düşdi.
Iň çalt gymmatlaýan brend hökmünde Kataryň «Qatar Energy» kompaniýasy yglan edildi (82 göterim ösüş, 3,2 milliard dollara çenli). Muňa kompaniýanyň «Qatargas» kompaniýasy bilen şowly goşulyşmagy sebäp boldy.