Fransiýanyň milli ylmy barlaglar merkeziniň işgäri Mişel Talagran “ähtimallyk nazaryýetine we matematiki fizikada ajaýyp gollanmalar bilen funksional derňewde öňdebaryjy goşantlary üçin” Norwegiýanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň Abel baýragy bilen sylaglandy. Baýragyň eýelerini halkara derejesinde ykrar edilen 5 matematikden ybarat bolan Abel komiteti tarapyndan kesgitlenýär.
Mişel Talagran 1952-nji ýylda Fransiýada doguldy we 1974-nji ýyldan bäri Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezinde işleýär we 1977-nji ýylda doktorlyk derejesine eýe boldy. Matematik ähtimallyk nazaryýeti ugrundaky işleri bilen meşhurlyk gazandy. Baýrak 7,5 million norweg krony bolup, şu ýylyň 25-nji maýynda Osloda berler. 2023-nji ýylyň Abel baýragyna Ostindäki Tehas uniwersitetiniň matenatigi Luis Kaffarelli eýe bolupdy.
Bu baýrak, elliptik funksiýalar nazaryýetini esaslandyryjy norwegiýaly matematik Nils Henrik Abeliň adyny göterýär. 2002-nji ýylda, alymyň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli Norwegiýanyň hökümeti Abel gaznasynyň esaslandyrmak üçin 200 million kron (23,4 million dollar) bölüp berdi. Bu baýrak görnükli matematikleriň bitiren hyzmatlary üçin niýetlenendir. Ilkinji baýrak 2003-nji ýylda berildi. Abel baýragynyň göwrümi 7,5 million krona (834 müň dollar) deň. Baýrak gowşurylyş dabarasy adatça maý aýynyň ahyrynda geçirilip, ýeňiji baýragy norweg Korolynyň elinden alýar.