Bütindünýä banky Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň şu ýyl 4,5 göterim ösjekdigini mälim etdi. Bu barada taýýarlanan çaklamada Aziýa sebitiniň dünýäniň beýleki ýerlerinden has çalt ösmegine garaşylýandygy bellenildi. Şeýle hem global söwdanyň dikelmeginiň sebit ykdysadyýetine goşant goşjakdygy çaklanylýar. Maglumata görä sebitiň ykdysadyýeti geçen ýyl 5,1 göterim ösüpdir. Ösüp barýan bu ýurtlaryň ykdysady ösüşi üstümizdäki ýylda Hytaýy hasaba almanda, 4,6 göterim öser. Bu görkeziji geçen ýyl 4,4 göterim bolupdyr. Sebitiň ykdysady taýdan has uly ýurdy bolan Hytaý geçen ýylda 5,2 göterim, 2024-nji ýylda 4,5 göterim bolmagyna garaşylýar.
Durdy Baýryýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.