Italiýanyň iň meşhur şäherleriniň biri bolan Wenesiýa giriş 25-nji aprelden başlap, syýahatçylar üçin tölegli bolar. Şäher syýahatçylyk möwsüminiň başlamagy bilen aşa köp adamly bolýar. Şol sebäpli bir günlügine barýan syýahatçylardan 5 ýewro töleg alnar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Luiji Brugnaro dünýäniň iň ähmiýetli taryhy şäherini goramalydyklaryna ünsi çekdi. Bu töleg şähere diňe günin girip çykjak syýahatçylara degişli bolar. Şäheriň içindäki myhmanhanada boljaklar, 14 ýaşyndan kiçiler, sport çärelerine gatnaşýan türgenler, synp ýolbaşçylara bilen gezelenje barýan mekdep okuwçylary üçin giriş tölegsiz bolar. Synag maksady bilen ýola goýlan düzgün iýulyň ikinji hepdesine çenli dowam eder. Giriş tölegi “Contributo di Accesso a Venezia” atly internet salgysyndan tölener.
Nurmyrat Numadow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.