Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Dubaýda bir gezek ulanylýan polietilen torbalary ulanmak doly gadagan ediler. Supermarketler häzirki wagtda bir gezeklik plastik torbalar üçin 25 fils alsa-da, bu düzgün ýene-de iki aýa golaý wagtdan doly gadagan ediler.
Şunuň bilen birlikde dükanlaryň satyjylary müşderileriň satyn alan önümlerini torba salyp bermäge borjy ýok. Müşderilere gaýtadan ulanylýan hojalyk torbalaryny götermek maslahat berilýär. Gadagan edilen torbalaryň hatarynda ulanylandan soň mikroplastikli biologik taýdan dargaýan haltalar hem girýär.
Täze düzgünler çörek, gök önüm, et, balyk, towuk gaplamak üçin torbalara, zibil gaplarynyň içine goýulýan torbalara, şeýle-de onlaýn elektron enjamlaryň we onlaýn satyn alnan önümleriň torbalary üçin girizilmeýär.
Bir gezeklik torbalary ulanýanlara, 200 dirhem möçberinde jerime garaşýar we bu düzgün gaýtadan bozulan halatynda jerime iki esse artar. Satyjylara düzgün bozulmalar ýüze çykan halatynda, Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentine habar bermek tabşyryldy.
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, kokteýl turbajyklara, plastik bulgurlara we hatda plastikli pagta çöpjagazlara hem gadaganlyk giriziler. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, iýmit önümleri üçin niýetlenen plastik gap-gaçlary, plastik bulgurlary we olaryň gapaklaryny satmak we ulanmak baradaky gadaganlyk hem güýje girer. Bu gadaganlyk gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan torbalary, şeýle hem, eksport üçin niýetlenen harytlary gaplamak üçin polietilen torbalary öz içine almaýar.