Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy ýöriteleşdirilen mekdepleriň, 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle-de Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny 8-9-njy aprelde sagat 15:00-da, 22-23-nji aprelde sagat 15:00-da bolsa ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary
«AÇYK GAPYLAR»
gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralandyrylmagyna, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, bilim-ylym ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly özgertmeleriň durmuşa geçirilişine degişli işler, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, bilim ojagynda talyplaryň durmuşy baradaky wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýa synyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.
Şeýle hem 8-nji, 9-njy, 22-nji we 23-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ahal welaýatynyň; «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Balkan welaýatynyň; Türkmen oba hojalyk institutynda Daşoguz welaýatynyň; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Lebap welaýatynyň;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» günleri geçiriler.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy. Telefon belgisi: 22-02-63. Web saýty: www.iirmfa.edu.tm