Soňky ýyllarda Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Hytaý ýaly Uzak Gündogar ýurtlarynyň ilaty azalýar. Bu demografik üýtgeşiklik ykdysadyýete-de gönüden-göni täsir edýär. Ýene on ýyldan Hytaýda 300 million töweregi adamyň pensiýa çykjakdygy bellenilýär. Bu görkeziji ABŞ-nyň ilatynyňka golaý. Soňky iki ýyl bäri Hytaýyň ilaty azalýar. Geljek on ýylda häzirki wagtda 50-60 ýaş aralygyndaky 300 million adam hormatly dynç alşa çykar. Ýagny, olar işçi güýji bazaryndan çykar. Ilatyň ortaça ömrüniň uzamagy hem pensiýa alýanlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Dünýä inýän bäbekleriň sanynyň azalmagy bolsa işçi güýjüne goşulýan adamlaryň sanynyň azalmagyna getirýär. Häzirki wagtda ABŞ-nyň 330 milliondan gowrak ilaty bar.
Hytaýyň ylymlar akademiýasy 2035-nji ýyla çenli pensiýa gaznasyndaky puluň gutarjakdygyny çaklaýar. Bu barada Hytaýyň maliýe ministrligi habar berýär. Munuň öňüniň alynmagy üçin pensiýa ýaşynyň artdyrylmagyna zerurlyk duýulýar.