Ýüzden gowrak uruşly kinonyň gahrymany, meşhur artist 7-nji aprel güni 70 ýaşyny doldurdy. Ol saglyk ýagdaýy barada gyzyklanýan muşdaklarynda jogap berdi. Meşhur artistiň bir çärede düşen, sakgaly we saçy agaran suraty jemgyýetçilik torunda peýda bolupdyr. Ony gowy görýänler bolsa, saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanypdyrlar. Ol bu barada “Golaýda dostlarym internetde käbir suratlarymy görüp, saglygym barada alada edipdirler. Aladalanmaň! Täze düşjek kino üçin şeýle görünmegim gerekdi. Saçym we sakgalym ak hemem garry bolup görünmelidim” diýip ýazdy. Çan 62 ýyldan bäri kino sungatynda işleýändigi üçin özüni bagtly hasaplaýandygyny aýtdy.
Diňe artist däl, eýsem ses bermek bilen hem meşgullanýan Çan soňky gezek “Teenage Mutant Ninja Turtles: Mutant Mayhem” filminde Splintere ses beripdi. Artistiň täze maksatnamasynyň nämedigi entek belli däl.
1954-nji ýylda Gonkongda dünýä inen Çan köplenç filmlerindäki aýdymlary hem ýerine ýetirýär. Şeýle bolansoň, onuň albomlary hem bar. Karýerasynyň dowamynda ýüzden gowrak kinoda oýnan Çan dünýäniň iň köp zähmet haky talap edýän aktýorlarynyň biri hasaplanýar.