Ýabany geçileriň köplüginden kösenýän Italiýanyň Alikudi adasynyň häkimligi isleg bildirýänleriň ählisine mugt geçi paýlaýandygyny mälim etdi. Bu barada “The Guardian” habar berýär.
Kiçijik adada geçirilen ilat ýazuwynda geçileriň sanynyň, 100 töweregi adam ýaşaýan ilat sanyndan alty esse köpdügi belli boldy. Geçileriň hetdenaşa köpdügi 2008-nji ýylda anyklanyp, bu ýagdaý soňky ýyllarda has-da güýçlendi. Geçiler adamlaryň rahatlygyny bozup, baglary we ösümlikleri zaýalaýarlar, käwagt bolsa ýaşaýjylaryň öýlerine-de aralaşýarlar.
Häkimligiň täze karary bilen ýurduň beýleki ilatly ýerleriniň ýaşaýjylaryna hem ýüz tutulup, 10-njy aprele çenli bir ýa-da birnäçe geçi edinmek maslahat berildi. Häkimlikde belleýişleri ýaly, munuň üçin fermer bolmak hökman däl.
Maglumatlara görä, geçiler bu adada 20 ýyl töweregi mundan öň peýda bolupdyr. Ýöne ýerli ýaşaýjylar adanyň gaýaly landşafty sebäpli geçileri daşamakda birnäçe meseleleriň ýüze çykyp biljekdigini belleýärler.