9-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Şeýle-de Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygynyň we ýurtlaryň halkara meýdançalarynda ysnyşykly gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellendi.
Söhbetdeşler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler. Ulag, energetika we söwda gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar şu ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly işlere ünsi çekdiler.
Parlament diplomatiýasynyň orny barada aýtmak bilen, söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.