Harri Keýn hem-de Kingsli Koman – ikisi-de Germaniýanyň iň öňdebaryjy topary “Bawariýanyň” hüjümçileri. Angliýaly Keýn geçen tomusda klubuň düzümine goşulan bolsa, fransiýaly Koman 2015-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýär. Ýagny 27 ýaşyndaky hüjümçi 9 möwsümden bäri “Bawariýanyň” ýeňişlerine uly goşant goşýar. Iki futbolçynyň arasynda uly tapawut bolup, olaryň biriniň henize çenli çempionlygy bolman, beýlekisi her möwsüm çempionlyk gazanyp gelýär. Ine şu möwsüm şol iki futbolçynyň haýsy hem bolsa biriniň şol statistikasy soňlanýar. Häzirki wagtda Keýniň çempionlyksyz ýörişi dowam etjege meňzäp, Koman ilkinji gezek möwsümi çempion bolmazdan tamamlar.

Harri Keýn – depeni gol bolýan 30 ýaşyndaky angliýaly hüjümçi karýerasynyň agramly bölegini has takygy, 14 ýylyny Londonyň “Tottenham” toparyna geçirdi. Irki ýyllarda dürli klublara kärendesine ugradylan hem bolsa, ol 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli “Tottenhamyň” iň esasy ýyldyzy hökmünde bellige alyndy. Şol ýyllarda 300-e golaý gol geçirse-de, ýyldyz oýunça çempionlyk gazanmak miýesser etmedi. Diňe bir çempionlyk däl, eýsem ol hiç hili kubogy hem asmana göterip görmedi. Ahyrynda-da ol klubuny üýtgedenini kem görmän, geçen tomusda özüne rekord derejede töleg tölän “Bawariýanyň” düzümine goşuldy. Ýagny islendik oýunçyda bar bolan çempion bolmak duýgusynyň iň köp hasyl bolaýjak ýerine, çempionlyklar gazanmak üçin iň dogry salga – yklymyň öňdebaryjy topary “Bawariýa” transfer boldy. Hemmeler ýyldyz oýunçynyň ahyry arzuwlap gelýän çempionlyklaryna ýetjeginden arkaýyndy. Ýöne hakykatda bolsa onuň şowsuzlyklar statistikasy tamamlanmady. “Bundesliganyň” her tapgyrynda diýen ýaly bir rekordy täzeläp gelýän Keýne ilkinji 28 tapgyrda 32 gol geçirse-de, iň esasy arzuwyna ýetmek, çempionlyk gazanmak şu möwsüm oňa miýesser etmez. Keýniň bu arzuwy indiki möwsüme ýa-da möwsümlere galdy. “Bawariýanyň” möwsümi çempionlyk bilen tamamlamagy üçin futbolda ozal bolmadyk mugjyzanyň, juda uly täsinligiň bolmagy gerek. Tamamlanyp barýan şu möwsümde “Bawariýanyň” 11 ýyldan bäri gazanyp gelýän çempionlygyna “Baýer” topary soňky nokady goýar. Taryhy çempionlykdan 3 utuk uzaklykda duran “Baýer” ýekşenbe güni “Werderi” ýeňen halatynda çempionlygyny yglan eder.

Beýleki bir tarapda-da fransiýaly hüjümçi, hüjümde iki gyrada-da oýnap bilýän Kingsli Koman professional karýerasyna başlanyndan bäri ýeke möwsümi hem çempionlyksyz, ýagny milli liganyň ýeňşi bolmazdan tamamlamady. 27 ýaşly oýunçynyň karýerasynda 11 çempionlygy bolup, ol beýleki ýaryşlary-da hasaba alanyňda 25 kubogy asmana göterdi. 2012/13 möwsüminde PSŽ-de professional futbola başlan Koman Fransiýanyň çempionatynda yzly-yzyna 2 çempionlyk gazanýar. Soňra “Ýuwentusyň” düzümine goşulan Koman “Serie A”-da hem 1 gezek çempion bolýar. 2015-nji ýylyň tomsunda “Bawariýa” gaýdan Koman şondan bäri “Bundesliganyň” çempionlygyny gazanyp gelýär. Ilkinji 2 ýyly “Bawariýada” kärendesine oýnan Koman 2017-nji ýylda ymykly transfer edilýär. 2012/13 möwsüminden soň yzly-yzyna 11 çempionlyk gazanyp, bu ugurda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň rekordyny eýesi bolýar. Şol çempionlyklaryň soňky 8-sine Komanyň goşandy az bolmaýar. Ol “Bawariýada” 335 oýunda jemi 63 gol geçirýär. Aglaba asistleri bilen öňe saýlanýan Koman şu möwsümde ilkinji gezek çempionlyk gazanyp bilmez.

Başgaça aýdylanda, Keýniň şol şowsuz statistikasy dowam edip, Komanyň çempionlyklar hasabaty şu möwsüm üçin tamamlanýar. Ýagny ol çempionlyklaryna arakesme bermeli bolýar. Netijede, möwsüm iki futbolçynyň ýüzüni güldürmez…