Dünýäde 2040-njy ýyla çenli umumy önümçilik kuwwaty 296 müň 713 megawat bolan kömür beketleriniň ýapylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, 1,4 milliard tonna uglerodyň howa goýberilmeginiň öňi alnar. Bu barada «Global Energy Monitor» (GEM) jemgyýetçilik guramasy habar berýär. Häzirki wagtda dünýäde 75 ýurtda 2 müň 440 kömür bekedi işleýär. Bu beketleriň önümçilik kuwwaty 2 million 130 müň 119 megawata ýetip, olar her ýylda 10 milliard tonna uglerod bölüp çykarýar. Kömür beketleriniň 78,3 göterimi Aziýada, 10,4 göterimi Amerikada, 7,8 göterimi Ýewropada ýerleşýär. Ýurtlar babatda aýdylanda Hytaý öňdeligi eýeläp, bu ýerdäki kömür beketleriniň önümçilik kuwwaty 1 million 136 müň 731 megawata ýetýär. Ikinji ýeri Hindistan (237 müň 148 megawat), üçünji orny ABŞ (200 müň 90 megawat) eýeleýär.
Döwran BEGGYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.