Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň kaşaň binalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, her ýylda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätleýän çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat edilmegi bilimli nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalaryň güwäsidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça degişli resminama gol çekmegi bilim işgärlerini has-da buýsandyrdy. Hökümetiň şol mejlisinde bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Mekdep mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Bilim işine dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Munuň özi Türkmenistanda ösüp gelýän nesilleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, zähmete höwesini artdyrmaklary babatda möhüm ähmiýetli başlangyçdyr.
Berkarar Watanymyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalardan ugur alnyp, olaryň aňynda watançylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri terbiýelemek, Watana wepaly, edepli, ruhubelent we sagdyn bedenli bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň uly ähmiýeti bar. Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän duşuşyklarda ýaşlary bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, şeýle-de milli edep-terbiýe kadalary dogrusynda täsirli gürrüň edilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak boýunça öwüt-ündewler aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere göterýär. Biz hem kämil nesiller bolup ýetişmek bilen, ähli güýçlerimizi, bilimdir başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, Ýer ýüzündäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagyna bagyş ederis. Goý, ýaşlara uly ynam bildirip, olaryň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Mahym HUSEÝNOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.