Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyzyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär.
Şahyryň ömri, durmuşy, ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Alymlar şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de, şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli dünýäniň birnäçe ýurdunda goýuldy. Bu bolsa türkmen akyldaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyz «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip bellemek bilen, şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde ýaşamak, taryhy wakalara, beýik ösüşlere şaýat bolmak, döwletli işlere goşant goşmak tükeniksiz bagtyýarlykdan nyşandyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň edebi hazynasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 300-e golaý golýazma nusgalary saklanyp, şahyryň ömri we döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde önjeýli işler alnyp barylýar. Şol golýazmalaryň 80-e golaýy Magtymgulynyň bitewi diwanydyr.
Ýakynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti Hindistanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze dokumental filmi surata düşürer. Bu filmde türkmen halkynyň beýik şahyrynyň döredijilik gymmatlyklary açylyp görkeziler. Dokumental film Hindistanyň Deli şäheriniň birnäçe ýerinde, esasan hem, Magtymguly Pyragynyň hem-de Baýram hanyň gezen ýerlerinde surata düşüriler. Şeýle hem Hindistanyň milli kitaphanasynda hindi alymlary bilen söhbetdeşlikler guralar, türkmen we hindi medeniýetiniň umumylyklary açylyp görkeziler.
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegi, ebedileşdirilmegi ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtdan paýly ildeşlerimiziň alkyşlary çäksizdir.
Sapagül GELDIÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.