Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi halkymyza ygtybarly ulag hyzmatlaryny hödürlemekde diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle ähmiýetli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy B we D (sürüjilik şahadatnamasynda şol derejeler görkezilen) derejesi bolan sürüjileri işe çagyryar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 (243) 4-79-24

+993 (243) 4-79-86