Tailandyň Premýer-ministri Sretta Tawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada “Bloomberg” habar berdi. Maglumatlara görä, Ýewropadaky Şengene meňzeş bu maksatnama syýahatçylara Tailand, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma we Wýetnam ýaly 6 alty goňşy ýurduň arasynda erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer.

“Günorta Aziýa Şengenini” döretmek pikiri 2000-nji ýyllardan bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne indi hünärmenleriň pikiriçe, ony durmuşa geçirmek mümkinçiligi öňküsinden has ýokary. Bu sebitdäki ýurtlaryň öz ykdysadyýetlerini “haýal eksportdan we global islegiň gowşaklygynan” goramaga çalyşýandygy bilen baglydyr.

-Şeýle wiza uzak aralyga syýahat edýän syýahatçylara has aňsat karara gelmäge höweslendirip biler – diýip, Tailand myhmanhanalar birleşiginiň öňki başlygy Marisa Sukosol aýtdy. Şeýle hem, bu teklibi has bähbitli etmek üçin wizanyň möhletini öňki 30 günden 90 güne çenli uzaltmagy teklip etdi.

Geçen ýyl Günorta-Gündogar Aziýanyň alty ýurduna  70 million töweregi daşary ýurtly syýahatçylar bardy. Tailand we Malaýziýa syýahatçylyk pudagyndan 48 milliard dollar töweregi girdeji gazandy. “Aziýa Şengeniniň” döredilmegi bu sany ep-esli artdyryp biler. Indi sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyn günlerde Tailandyň teklibine çynlakaý seredilmegine garaşylýar.