Angliýa banky ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III-e öz portreti şekillendirilen täze banknotlary gowşurdy. Bu barada Bukingem köşgüniň resmi sahypasynda mälim edildi.
“Şu gün Angliýa bankynyň ýolbaşçysy Endrýu Beýli we baş kassir Sara Jon tarapyndan Karl III-e öz portreti şekillendirilen ilkinji kagyz pullar gowşuryldy” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Indi Korolyň keşbi dolanyşykdaky nominallaryň ählisinde: 5, 10, 20 we 50 funtluk kagyz pullarda bolar.
Täze banknotlar şu ýylyň 5-nji iýunynda dolanyşyga giriziler. Karlyň keşbi bolan kagyz pullar Şa zenan Ýelizaweta II şekillendirilen öňki pullar bilen bir wagtda ulanylar.