Saud Arabystanynda ýene bir ägirt uly taslama durmuşa geçirilip başlandy. Ýurtda patyşa Salman adyndaky täze halkara howa menzili ýolagçy sany boýunça dünýäniň iň uly aeroporty bolar. Bu barada “Overclockers.ru” web saýty habar berýär. Howa menzili 2030-njy ýyla çenli ýylda 120 million ýolagçyny, 2050-nji ýyla çenli bolsa 185 million ýolagçyny kabul eder diýlip garaşylýar.

Aeroportda 4 terminal, 6 sany uçuş-gonuş zolagy, şeýle-de welosiped ýollary we baglar bolar. Bu meýilnama ýurduň  ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebit eksportyna garaşlylygyny azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar. Häkimiýetler ýokary tehnologiýaly senagata we syýahatçylyga has köp üns bermek isleýärler.

Saud Arabystanyň häkimiýetleri täze howa menzili açylandan soň uçuşlaryň sanyny ýylda 210 müňden bir milliona çenli artdyrmagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda dünýäniň iň köp adamly howa menzili ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki Hartsfild-Jekson halkara howa menzili bolup, ýylda 93,7 million ýolagça hyzmat edýär.