Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI Afrikadaky iň uzyn ýol bolan 1055 kilometrlik Tiznit-Dahla awtoýolyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adyny dakdy. Bu karar 2020-nji ýylda Waşingtonyň Marokkonyň Günbatar Saharadaky özygtyýarlygyny ykrar etmegine minnetdarlyk hem-de döwletara dostlugyň nyşany hökmünde kabul edildi. Atlantik kenarynda gurlan täze magistral Ýewropa bilen Afrikany birleşdirýän söwda köprüsine öwrüler.
PDF








