Ger­ma­ni­ýa­nyň Nýurn­berg şä­he­rin­de 1800-den gow­rak sa­zan­da Ke­ra­mat­ly Ýa­kow yba­dat­ha­na­syn­da 72 sa­ga­dyň do­wa­myn­da yzy­ny üz­män saz ça­lyp, dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. 30-njy iýul – 2-nji aw­gust ara­ly­gyn­da ge­çen bu ma­ra­fo­na Ba­wa­ri­ýa­nyň 140-dan gow­rak üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry or­kest­ri ge­zek­le­şip gat­naş­dy. Çä­re Ger­ma­ni­ýa­da giň­den ýaý­ran mis saz gu­ral­la­ry an­sambl­la­ry­nyň köp­dür­li re­per­tua­ry­ny gör­kez­mek hem-de tä­ze sa­zan­da­la­ry çek­mek mak­sa­dy bi­len gu­ral­dy. Sa­zan­da­lar to­pa­ry­nyň her bi­ri 90 mi­nut­dan çy­kyş et­di­ler. In­di­ki to­par ara sa­lym ber­män, sa­zy do­wam et­dir­di. Düz­gü­ne gö­rä, to­par­lar çal­şan­da, sa­zyň ara­sy bir se­kunt hem ke­sil­me­li däl. Ma­ra­fo­nyň ne­ti­je­si­ni res­mi taý­dan tas­syk­la­mak üçin de­giş­li res­mi­na­ma­lar Ger­ma­ni­ýa­nyň Re­kord­lar ins­ti­tu­ty­na ibe­ril­di. Ins­ti­tu­tyň bi­ler­men­le­ri ge­çi­ri­len re­kord sy­na­gy­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.
Mun­dan ozal şu ugur­da re­kord go­ýul­ma­dyk hem bol­sa, saz bi­len bag­ly baş­ga re­kord­lar bar. Ge­çen ýy­lyň 9-10-njy ma­ýyn­da Ni­ge­ri­ýa­nyň La­gos şä­he­rin­de Jo­şua Olu­san­ýa uzak wagt­lap sur­na­ýa meň­zeş saz gu­ra­ly bolan trom­pet çalmakda re­kord go­ýup­dy. 25 sa­gat 30 mi­nut­lap do­wam eden bu sy­na­ny­şyk Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba alyn­dy.

Jemal Haýydowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň esasy usulyýetçisi.