12-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergilerdir maslahatlar durmuş-ykdysady ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 16—19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Bu iri möçberli sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.