12-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025—2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlary beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025—2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtap, hemmeleri bu şatlykly habar bilen tüýs ýürekden gutlady.

 

Birnäçe teklipler taýýarlanyldy

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, ilkinji ädim hökmünde aprel aýynyň ikinji ýarymynda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanda hereket edýän beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi instituty, Ylymlar akademiýasy, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu resminama dünýäde biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Degişli seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip hödürlenildi. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda daşky gurşawy goramaga we ekologik abadançylygy üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.