Ýaz paslyna mahsus alamatlaryň biri hem älemgoşar bolup, bu tebigy hadysa daş-töwerege şatlyk paýlaýar. Eýsem, Ýer ýüzünde iň köp ýaýran meteorologik hadysalaryň biri bolan älemgoşar nädip emele gelýärkä?!
Älemgoşar howadaky damjalaryň Gün şöhlesini döwmegi netijesinde ýüze çykýar. Ýagyş damjalary şöhläni döwenden soň, arka tarapda dürli reňkler peýda bolýar. Muňa biz älemgoşar diýýäris. Esasan hem, ýagyşly günlerde Günüň lowurdap çykmagy bilen birden peýda bolýan bu hadysa köplenç 7 halkadan düzülýär. Gün şöhlesi ýagyş damjalarynyň içinden dürli tizlikde geçende tolkun uzynlygyna görä dürli reňkler emele gelýär. Älemgoşar howanyň gyzgynlyk we çyglylyk ýagdaýyna görä, birnäçe sekuntdan birnäçe sagada çenli saklanyp bilýär. Häzirki wagta çenli iň uzak wagtlyk älemgoşar Taýpeý daglarynda hasaba alnyp, 9 sagat saklandy.