Ýakyn günlerde Awstraliýanyň Halkara neýromorf ulgamlar merkezi neýromorf hasaplaýyş pudagynda uly ädim boljak “Deep South” superkompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär. Maglumatlara görä, “Deep South” superkompýuteri adam beýnisinden 2000 esse çalt işläp, sekuntda 228 trillion amaly ýerine ýetirer.
Şeýle superkompýuteriň döredilmegi alymlara diňe bir adam beýnisiniň işleýşi barada çuňňur düşünje bermek bilen çäklenmän, eýsem newrologiýa kesellerini öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Superkompýuter barlag geçirijilere, esasan, newrologiýa näsazlyklarynyň sebäplerini takyk anyklamak üçin neýronlaryň arasyndaky baglanyşygy seljermäge; okuw prosesini wizuallaşdyrmaga, dermanlaryň we garramagyň beýniniň işine täsirini öwrenmäge düýpli mümkinçilik berer.
“Deep South”-yň neýrobiologiýa, lukmançylyk, emeli aň we beýleki pudaklardaky barlaglar üçin güýçli gural bolmagyna garaşylýar. Superkompýuter düýbünden täze hasaplaýyş ulgamlarynyň döremegine getirip biler.