Dubaýyň halkara howa menzili dünýäniň 1800-den gowrak howa menziliniň arasynda kaşaňlyk babatda birinji orny eýeledi. Angliýanyň syýahaty ätiýaçlandyryşy boýunça “All Clear Travel Insurance” agentliginiň hünärmenleriň pikirine görä, Dubaýyň halkara howa menzili (DXB) dünýäniň iň kaşaň howa menzili diýlip yglan edildi. Ondan soň Londonyň “Heathrow” howa menzili we Kataryň Hamad halkara howa menzili ilkinji üçlügi emele getirýär.
Sanawy düzmek üçin dünýäniň 1800-den gowrak howa menzili seljerildi. Netijede, Dubaýyň halkara howa menzili özüniň myhmanhanalary, howuzlary, kinoteatrlary we restoranlary bilen birinji orna mynasyp boldy. Her bir howa menziliniň kaşaňlygy dükanlarynyň sanyndan başlap, golaýda ýerleşýän dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň sanyna çenli birnäçe faktor boýunça kesgitlenildi. Mundan başga-da, howa menzillerinde ýolagçylar üçin niýetlenen garaşylýan zallaryň sanyna we uçuşdan ozal dynç almak üçin premium-klasly içgidir işbilleri hödürleýän barlary bilen baha berildi.
“Ýylda 90 million ýolagça hyzmat edýän Dubaýyň halkara howa menzili dünýäniň iň kaşaň howa menzilleriniň biri hökmünde ilkinji orny eýeleýär” diýip, “AII Clear Clear Travel Insurance” agentliginiň wekilleri habar berdiler. Mundan başga-da, Dubaýyň halkara howa menzili dünýäde iň çalt ösýän awiasiýa merkezi bolup, onuň howa menzilinde bäş ýyldyzly myhmanhana hem bar.
“Howa menziliniň üç mil radiusynda syýahatçylaryň saýlamagy üçin 70-den gowrak dört we bäş ýyldyzly kaşaň myhmanhanalaryň bolmagy öňdäki orny gazanmagyny üpjün etdi” diýip, “Clear Clear Travel Insurance” agentliginiň wekilleri bellediler.