Pompeide gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlar gadymy şäheriň merkezi böleginde Troýa söweşine bagyşlanan freskalar bilen bezelen banket zalyny tapdylar. Bu barada “Naked Science” žurnalynyň web saýty habar berdi. Zalyň üýtgeşik gara reňkde edilen diwarlary şol döwrüň suratkeşleri üçin hakyky kendire öwrülipdir. Diwaryň ýüzüne çekilen suratlarda Gadymy Gresiýanyň mifologiýasyndaky wakalar, şeýle hem ady rowaýata öwrülen Troýa söweşiniň wakalary şekillendirilýär.
Rim sungatynyň ýadygärliklerini abatlaýjylaryň tagallasy bilen Pompeidäki binalar ikinji ömrüne eýe bolýarlar. Abatlaýyş işleri Ýewropa gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän “Uly Pompei” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Maglumatlara görä, Rimiň gülläp ösen bu şäheri miladynyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiýa wulkanynyň astynda galýar. Şäheriň harabalyklary XVII asyrda tapyldy we gazuw-agtaryş işleri 1748-nji ýylda başlandy. Şondan bäri arheologlar wagtal-wagtal şäherde täze açyşlaryň üstünden barýarlar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär.