1941-nji ýylyň 17-nji aprelinde awiasiýa pudagynyň ösmegine uly goşant goşan rus-amerikan inženeri Igor Sikorskiý (1889-1972) dünýädäki ilkinji amfibiýa dikuçaryny tanyşdyrýar. Kiýewde dünýä inen Sikorskiý ilkibaşda Rigadaky wagon zawodynda ilkinji uçýan apparatlaryny işläp taýýarlaýar. Inžener 1910-njy ýyllarda kiçi göwrümli birnäçe uçary üstünlikli ýagdaýda işläp taýýarlaýar. Ol 1931-nji ýylda esasy aýratynlyklary häzirkilere meňzeş bolan – ýokarsynda keseligine aýlanýan iki perigi (propeller), guýrugynda has kiçi, dik aýlanýan kömekçi perigi bolan ilkinji dikuçara patent alýar. 1939-njy ýylda öz işläp taýýarlan ilkinji synag dikuçary bolan “VS-300”-i özi uçurýar. Alym 1939-njy ýyla çenli 15 töweregi uçar döredýär. Howa gämisiniň esasy “biloňurgasy” polat turbadan bolup, “Lycoming” kompaniýasynyň hereketlendirijisi oturdylýar.
1941-nji ýylyň 17-nji aprelinde bolsa, Sikorskiý Amerikan halkynyň öňünde dünýädäki ilkinji amfibiýa dikuçaryny görkezýär. VS-300 dikuçarynyň üýtgedilmegi bilen döredilen bu howa gämisi suwdan ýokary çykyp, gury ýere gonýar. Dikuçaryň uçuş dowamlylygy 1 sagat 35 minut, tizligi sagatda 100 kilometre ýetýär. Netijede, inžener 18 görnüşli dikuçar döredýär we yzygiderli önümçiligi ýola goýýar. Şeýlelikde dikuçaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiligini hem Sikorskiý ýola goýýar.
Sikorskiniň dikuçary uçuş wagtynda ýangyç guýmak bilen ilkinji bolup Atlantik (1967) we Ýuwaş ummanynyň (1970) üstünden uçup geçýär.