14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda “Pipeline Vocal Project” amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.
“Şu gün ABŞ-nyň demirgazyk-günbataryndan – Alaska ştatyndan gelen “Pipeline Vocal Project” wokal üçlügi sahnada çykyş eder” – diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow konserti açdy. “Olaryň ýerine ýetirjek aýdymlarynyň köpüsi size tanyş eserlerdir, emma konsertiň dowamynda siz üçin garaşylmadyk sowgatlar hem ýerine ýetiriler! Şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy konsertiň dowamynda dabaralanar”.
Aşgabatda we Daşoguzda teatrlary dolduran bilelikdäki konsertler, iki ýurduň arasynda köp ýyllyk işjeň medeni hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi, amerikan we türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly öz hünärlerini baýlaşdyrdylar.