16-njy aprelde Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” halkara taslamasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri mälim etdiler.
Bu dabara Özbegistan, Russiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, Daşkendiň GDA-nyň ilkinji ýaşlar paýtagty boljakdygy baradaky kararyň 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Soçide guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde kabul edildi.
2025-nji ýylda Azerbaýjanyň Gabala şäheri Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň indiki ýaşlar paýtagty bolar.