75 ýylyň iň köp ygaly düşdi

103

Aýlag ýurtlaryna, şol sanda Birleşen Arap Emirliklerinde soňky 75 ýyldaky iň köp ýagyş ýagdy. Ýurduň milli meteorologiýa merkezi howa baradaky maglumatyň toplanyp başlanan ýyly bolan 1949-njy ýyldan bäri iň köp ýagynyň ýagandygyny habar berdi. Ýurtda aşa köp ýagan ýagyş sebäpli käbir uçar gatnawlary yza süýşürildi, okuwda we işde uzak aralyk tertibine geçildi. Al-Aýn şäheriniň käbir ýerinde 24 sagatdan az wagtda 254,8 millimetre ygal düşüpdir. Ýurduň häkimiýetleri zerur bolmadyk ýagdaýynda öýden çykmazlygy maslahat berdi.