18-nji aprelde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Palestinanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň doly agzasy hökmünde kabul edilmegi sese goýlar. Palestinanyň BMG-niň Hemişelik Wekili Riýad Mansur X jemgyýetçilik torunda kanun taslamasynyň Arap Topary hem-de Alžir tarapyndan taýýarlanandygyny belledi. Kanun taslamasynda “BMG-niň Baş Assambleýasyna Palestinanyň doly agza hökmünde kabul edilmegi maslahat berilýär” diýen sözler bar.
Kanun taslamasyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ministrler derejesinde geçiriljek Palestina bagyşlanan ýygnakda garalmagyna garaşylýar. Kanun taslamasynyň kabul edilmegi üçin 15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşindäki hemişelik 5 agzanyň hiç biriniň weto etmezligi we azynda 9 agzanyň oňlamagy zerurdyr. Howpsuzlyk Geňeşinden oňyn netije çykan ýagdaýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda sese goýulýar. Baş Assambleýadaky 193 ýurduň üçden ikisiniň oňyn ses beren ýagdaýynda kanun taslamasy kabul edilýär.
Palestina 2011-nji ýylda doly agza bolmak üçin BMG-na ýüz tutdy, emma Howpsuzlyk Geňeşinden ýeterlik derejede goldaw tapmandy. Ýurt 2012-nji ýylda synçy döwlet statusyny alypdy.