Şu ýylyň edebiýat boýunça halkara Buker baýragynyň gysga sanawyna alty dilden terjime edilen eserler girdi. Bu barada Buker baýragynyň web saýtynda mälim edildi.
Braziliýaly Itamar Wieýranyň “Crooked Plow” (Gyşyk azal), argentinaly Selwa Almadanyň “Not a River” (Bu derýa däl), niderlandly Ýente Postumanyň “What I’d rather not think about” (Pikir etmek islemeýän zadym), germaniýaly Jenni Erpenbegiň “Kairos” (Kaýros), günorta koreýaly Hwan Sok Ýonyň “Mater 2-10” (Demirýolçularyň üç nesli), şwesiýaly Ia Genbergiň “The Details” (Jikme-jiklikler) romany Buker baýragyny eýelemek bäsleşerler.
Bu kitaplar 13 eseri öz içine alýan uzyn sanawdan saýlanyp alyndy. Baýragyň ýeňijileri noýabr aýynda mälim ediler. Onuň pul sylagy 50 müň funt sterling bolup, ol awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlanar. Baýragyň gysga sanawyna girenleriň her biri bolsa, 2,5 müň funt sterling alar.
1969-njy ýylda esaslandyrylan bu baýrak edebiýat ugrundan berilýän iň abraýly baýraklaryň biridir. Ol ilkibaşda Milletler Arkalaşygynyň ýurtlarynyň birinde, Irlandiýada we Zimbabwede ýaşaýan ýazyja berilýärdi. Ýöne 2015-nji ýyldan bäri bu baýragy raýatlygyna garamazdan, iňlis dilindäki romanyň islendik awtory alyp bilýär.