«Alphabet» konglomeratyna degişli bolan «Waymo» kompaniýasy ABŞ-nyň Atlanta şäherinde sürüjisiz hereket edýän ulaglary – robotaksileri synagdan geçirip başlady. Kompaniýa häzirki wagtda Los-Anjeles, San-Fransisko we Buffalo şäherlerinde robotaksi hyzmatyny hödürleýär. Onuň bäsdeşi «Cruise» kompaniýasy bolsa, Ostin, Hýuston, Dallas, Maýami we Finiks şäherlerinde bu hyzmaty ýola goýupdy. Emma ýüze çykan bökdençlik sebäpli bu hyzmaty togtadypdy. Kompaniýanyň wekili taksileri dolulygyna sürüjisiz ýagdaýda synagdan geçirmek isleýändiklerini aýtdy. Geljekde bu ulaglaryň müşderileriň hyzmatyna hödürlenmegi maksat edinilýär.
Merdan NAZARGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.