UEFA Milletler Ligasynda “B” Liganyň 4-nji toparçasynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Şwesiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Myhmanlarda Gýokereşiň 61-nji minutdaky goluna ýer eýeleri 80-nji minutda Alaýbegowiçiň goly bilen jogap berdi. Duşuşyk Bosniýa we Gersegowinanyň ýyldyz hüjümçisi Edin Jekonyň milli topardaky iň soňky oýny boldy. 40 ýaşyndaky hüjümçi milli topary bilen hoşlaşdy. Ol ilkinji gezek milli toparyň köýnekçesini 2007-nji ýylda şu stadionda geýipdi. Şondan bäri 19 ýylyň dowamynda 152 duşuşyk geçiren Edin Jeko milli ýygyndyda 73 goly derwezä girizdi. Ol Bosniýa we Gersegowinanyň iň köp gol geçiren oýunçysydyr.

Bosniýa we Gersegowina onuň çykyş eden döwürlerinde 2 gezek Dünýä Kubogyna (2014, 2026) gatnaşdy.

Jeko klub karýerasy boýunça “Želýeznisar”, “Teplise”, “Usti nad Labern”, “Wolfsburg”, “Mançester Siti”, “Roma”, “Inter”, “Fenerbahçe”, “Fiorentina” toparlarynyň köýnekçesini geýip, 2 möwsümden bäri “Şalke” toparynda çykyş edip gelýär.