Ýylyň birinji ýarymynda dünýäde 289,4 million smartfon satylyp, onuň 20,8 göterimini «Samsung» telefonlary emele getirdi. Şeýlelikde, koreý brendi köp wagtdan bäri bu ugurda birinji bolup gelýän «Apple»-den öňe geçip ozalky ornuna gaýdyp geldi. IDC kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ýylyň üç aýynda umumy smartfon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,8 göterim köp bolupdyr. Ýanwar-mart aýlarynda «Samsung» 60,1 million «akylly» telefon satypdyr. Koreý kompaniýasynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim pese gaçypdyr. «Apple»-iň smartfon satuwy 9,6 göterim düşüp, 50,1 million bolupdyr. Şeýlelikde, amerikan brendiniň bazar paýy 20,7 göterimden 17,3 göterime düşüpdir. «iPhone»-laryň satuwynyň peselmegine hytaý bazaryndaky düşüş täsir edipdir.
Mylaýym AGYLOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.