Ispaniýanyň Barselona şäheri 2026-njy ýylda Bütindünýä binagärlik paýtagty diýen derejä eýe boldy. Bu karar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) we Halkara binagärler birleşigi bilen bilelikde kabul edildi.
Bu dereje şäheriň binagärlik, şäher meýilnamalaşdyrylyş we durnukly ösüş gymmatlyklaryny öňe sürmäge meýilliligini ykrar edýär. 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky “Santa Eluàlýa” şüweleňinden başlap, şol ýylyň dekabr aýyndaky “Santa-Lusiýa” şüweleňine çenli 10 aýyň içinde şäheriň köpçüligini çekmäge gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Paýtagtda medeni taýdan ähmiýetli binalarda sergiler, binagärlik boýunça maslahatlar, ussatlyk sapaklary we açyk gapylar günleri geçiriler. Bu çärelere diňe ýerli däl, halkara guramalar hem goşulmaga çagyrylýar. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda Bütindünýä binagärlik maslahaty hem bar. Bu maslahat meýilleşdirilen çäreler bilen bilelikde Barselonany öz şäher gurluşynda inklýuziwlik we durnuklylyk ýörelgelerini beýan edýän nusgalyk şäher hökmünde görkezmegi maksat edinýär.
Mundan başga-da, açylyş we ýapylyş dabaralarynda tutuş şäherde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalaryny yşyklandyrmak meýilleşdirilýär. “Bir şu gün, bir ertir” – Barselonanyň dünýä binagärlik paýtagty hökmünde şygary hökmünde saýlandy. Şäher ähli etraplarynda birnäçe özgerişlikleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Barselona Kopengagenden we Rio-de-Žaneýrodan soň dünýäniň binagärlik paýtagty derejesini göterýän üçünji şäher bolar.
Halkara binagärler birleşigi 1948-nji ýylda döredildi. Bu ÝUNESKO tarapyndan ýardam berilýän we hökümete degişli bolmadyk guramadyr. Onuň esasy maksady durnukly geljegi emele getirmekde we global meseleleri çözmekde binagärligiň we şäher meýilnamalaşdyrylyşynyň ähmiýetini görkezmekden ybaratdyr.