Geçen mart aýynyň başlarynda “Görgüli betbagtlar” filmindäki keşbi bilen iň gowy aktrisa ugry boýunça 2-nji gezek Oskaryny gazanan Emma Stounyň nobatdaky kinosy mälim edildi. Ady äşgär edilmedik film “Universal Pictures”-iň önümi bolup, bu ekran eserine Emma Stounyň ýanýoldaşy Deýw MakKari režissýorlyk eder.  Bu onuň “Brigsby Bear” filminden soň 2-nji uzyn metražly kinosy bolar. Film barada beýleki maglumatlaryň ýakyn günlerde mälim bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, Emma Stoun özüne 2-nji Oskaryny gazandyran Görgüli betbagtlar filminiň režissýory Ýorgos Lantimosyň ýene-de 2 kinosynda baş keşplerde surata düşer. Öňümizdäki maý aýynda Kann film festiwalynda görkeziljek “Ýagşylygyň görnüşleri” hem koreýleriň 2003-nji ýylda ekranlara çykan “Save the Green Planet!” filminiň rimeýkinde esasy keşpleri ýerine ýetirer. Ol şol bir wagtyň özünde finlýandiýaly özboluşly filmleriň režissýory Ari Asteriň “Eddlington” kinosynda hem-de ýene-de Kreýk Žillespiniň režissýorlyk etjek “Cruella 2” filminde hem surata düşer.