Beýik Britaniýanyň “Skytrax” barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Dohanyň Hamad aeroporty dünýäniň iň gowy howa menzili diýen ada eýe boldy. Meýdany 22 inedördül kilometr bolan ägirt toplumda syýahatçylaryň rahatlygy üçin ähli zerur zatlar: tropiki ösümlikleriň uly bakjasy, basseýnli fitnes merkezi, mugt çäksiz Wi-Fi we hatda dindarlar üçin birnäçe zallar bar. Bu üstünlik Hamad aeroportynyň 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolanyndan soň, üçünji gezegidir. “Skytrax” pikir soralyşygyna 100-den gowrak milletden bolan syýahatçylar gatnaşdy. Ýolagçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Hamad howa menzili, söwda üçin hem dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde öňe saýlandy.
Çangi aeroporty 2013-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli we 2023-nji ýylda “Skytrax”-yň iň gowy howa menzili hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Ol bu ýyl “Aziýanyň iň gowy howa menzili” we “Immigrasiýa hyzmatlary üçin dünýäniň iň gowy howa menzili” ýaly ugurlarda ýeňiji boldy.
Günorta Koreýanyň “Inçhon” howa mezili 2023-nji ýylda dördünji orundan üçünji orna göterilip, maşgala syýahatlary üçin dünýäniň iň amatly howa menzili boldy. Dördünji orny eýelän Tokionyň Haneda howa menzili hem “Dünýäniň iň arassa howa menzili” diýlip yglan edildi. Bu howa menzili 2023-nji ýylda beýleki merkezlere garanyňda, has köp 70 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etdi. Tokionyň beýleki esasy halkara howa menzili bolan “Narit” halkara howa menzili sanawda bäşinji orny eýeledi. Ol esasan, müşderilere edilýän hyzmaty bilen tanalyp, “Iň gowy işgärleri bolan howa menzili” diýen ada mynasyp boldy.
“Skytrax”-yň maglumatlaryna görä 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy 10 howa menziliniň hatarynda Parižiň Şarl de Goll howa menzili we Dubaýyň, Mýunheniň, Sýurihiň we Stambulyň halkara howa menzilleri bar.