Hytaýyň Şanhaý şäherindäki portlardan daşary ýurtlara iberýän awtoulaglarynyň sany görnetin ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri bu şäheriň deňiz portlaryndan eksport edilen ulaglaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30,7 göterim artyp, 529 müňe ýetdi. Waýgaosiao port sebitindäki gümrük nokatlaryndan bolsa, 280 müň awtoulag eksport edilipdir. Bu görkezijiniň geçen ýylyň birinji çärýegindäkiden 20 göterim köpdügi mälim edildi. Täze energiýaly ulaglaryň eksporty bolsa, 70 göterimden gowrak köpelipdir.
Awtoulaglary eksport etmekde RO-RO (roll-on/roll-off) daşaýjy gämilerinden peýdalanýan 40 töweregi logistika kompaniýasy işleýär. Awtoulaglar dünýäniň 110-dan gowrak ýurduna we sebitine iberilýär.

Daýançgeldi Çeräýew, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.