Türkmenistanda ýyladyşhanalaryň, ýyladyşhana hojalyklarynyň gurnalyşyna we ulanylyşyna bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary tassyklanyldy. Täze resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde 1785 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Resminamada işçiler üçin ýörite eşikler we şahsy gorag enjamlary, işleri we sarp ediş hyzmatlaryny guramagyň düzgünleri görkezilýär. Aýry-aýry bölümler daşky gurşawy goramak we ýyladyşhana işgärlerine lukmançylyk kömegini bermek talaplaryna bagyşlanýar.
Täze Döwlet sanitariýa kadalarynyň talaplary eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegi hökmanydyr.