“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri Eziz Diýarymyzyň iň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag tebigy Döwlet goraghanasynda “Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!” atly amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Köýtendag şäher jemagat hojalygyndan, Köýtendag nebit önümler kärhanasyndan, Garlyk kaliý dag-magdan toplumyndan, Köýtendag etrap alyjylar jemgyýetinden, Köýtendag obahyzmat önümçilik kärhanasyndan, Köýtendag etrap Medeniýet bölüminden, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden, etrap hassahanasyndan, Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasyndan şeýle-de Köýtendag etrap häkimliginden wekiller gatnaşdylar. Amaly maslahatda Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri şeýle-de amaly maslahatyna gatnaşyjylar ösümlik we haýwanat dünýämizi goramak, ýetişdirilýän baglaryň ynsan saglygyna edýän täsiri şeýle-de tomus paslynyň golaýlaşmagy bilen ýangyn howpunyň döremeginiň önüni almagyň çäreleri dogrusynda giňden gürrüňler edildi. Amaly maslahata gatnaşyjylar Köýtendagyň iň gözel ýerlerinde boldular. Kyrkgyzyň sudurlary, Dinozawrlaryň aýak yzlary, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýerasty kölde mesgen tutunan Köýteniň kör ýalanaç balyklary amala maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsiri galdyrdy. Okuw maslahatyň esasy maksady tebigat gözelliklerini ýangyn howpundan goramak baradaky işleri wagyz etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň dürli temalarda eden çykyşlary bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy. Amaly okuw maslahatyny ýylyň dowamynda, esasanda, tomus paslynda giňden ýaýbaňlandyryp, ilat arasynda, edara-kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup wagyz-nesihat işlerini geçirmek meýilleşdirildi.

Sähra Saýdaliýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.