19-njy aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça geneşçisi Li Ýuenin bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki dostlukly ýurduň köp ýyllaryň dowamyndaky strategik hyzmatdaşlygy alyp baryp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda, myhman türkmen işewür düzümlerini şu ýylyň 5 — 10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 7-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işler ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesini, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak arkaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary depgini dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme: tstb.gov.tm