Ýakynda hormatly Prezidentimiz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar. Sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirip, ynsanperwer ulgamyň özara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň taryhy baglanyşygy, baý medeni mirasy we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Arslan Çaryýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
PDF








