UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji duşuşyklar oýnalyp, garaşylmadyk netijeler, uly hasaply netijeler bellige alyndy. 2-nji tapgyrdaky ýaly ýeke oýun hem golsuz tamamlanmady. 63 gol geçirilip, 4 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 8 oýunda myhmanlar, 6 duşuşykda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy.
Ýewropa Ligasynda 5 topar 3-nji duşuşyklarda-da ýeňiş gazanyp, utuk ýitirmezden ýoluny dowam edýär. Olar “Benfika”, “Baýer”, “Bornmut”, “Ferenswaroş” hem-de “Olimpiakos” toparlarydyr.
“Wiktoriýa Plzen”, “Marsel”, “Seltik” hem-de “Ararat-Armenia” toparlary 3-nji tapgyrda-da utuk gazanyp bilmediler.
Italiýanyň “Ýuwentus” topary öz meýdançasynda “Renn” bilen duşuşdy. 5-nji minutda Zeki Çeligiň goly bilen öňe geçen turinliler 1-nji ýarymda ahyrynda üstünligini elden giderdi. “Renn” topary Al-Tamariniň 15-nji, Dianyň 43-nji (p) minutlardaky gollary bilen 2-1 hasabynda öňe çykdy. 67-nji minutda Woltemade penalti goly bilen hasaby deňledi. Oýnuň ahyrlarynda “Ýuwentusdan” Lukuminiň geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady.
Geçen tapgyrda myhmançylykda “RB Salsburgy” 4-0 ýeňen “Milan” bu gezek myhmançylykda “Bornmutdan” 3-0 utuldy. 8-nji we 32-nji minutlarda Jastin Kluiwertiň hem-de Tawernieniň penalti gollary bilen 2-0 öňe geçen “Bornmutyň” 3-nji goluny Amine Adli 84-nji minutda jerime urgusyndan saldy. “Milanda” 28-nji minutda derwezeçi Menýan gyzyl kart alyp, italýan kluby 60 minutdan gowrak wagty 1 oýunçy kem oýnamaly boldy.
Fransiýanyň “Liony” hem 2 ýeňişden soň 3-nji duşuşygynda “Hoffenhaýmdan” 3-0 hasabynda utuldy. Nemes klubuna ýeňiş getiren gollary Kramariç, Dagim hem-de Hložek geçirdi.

Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşini “Real Sosiedad” kluby gazandy. Myhmançylykda Norwegiýanyň “Lilleström” toparynyň derwezesinden jogapsyz 6 gol geçiren san-sebastianlylaryň pökgülerini Gomes (2), Suçiç (2), Oskarsson hem-de Zaharýan derwezä girizdi.
Portugaliýanyň “Benfika” topary myhmançylykda “Omoniýany” 4-1 hasabynda ýeňip, sanawda 1-nji orunda barýar. Lissabonlylara ýeňiş getiren gollary Nego (14, ö.d.), Pawlidis (49), Ersnes (76) hem-de Prestianni (85) öz atlaryna ýazdyrdylar.
AZ myhmançylykda “Ararat-Armeniany” 4-0, “Ferenswaroş” öz meýdançasynda “Torreenseni” 4-1, “Ýunion Sent-Žilluaz” Düsseldorfda “Hapoel Be’er Şewany” 4-0 hasaplar bilen utdy.
Ararat-Armenia – AZ: 0-4
Ferenswaroş – Torreense: 4-1
Dinamo Zagreb – NEK: 2-4
Ýuwentus – Renn: 2-2
Leh Poznan – Sanderland: 1-1
OFI – Baýer: 0-2
Ýunion Sent-Žilluaz – Hapoel Be’er Şewa: 4-0
Şturm Gras – Marsel: 1-0
Bornmut – Milan: 3-0
Beşiktaş – Kristal Palas: 2-2
Seltik – Selta: 1-2
Wiktoriýa Plzen – Lewski Sofiýa: 1-2
Ýagelloniýa Belostok – Anderleht: 0-3
Lilleström – Real Sosiedad: 0-6
Selýe – RB Salsburg: 2-2
Olimpiakos – Sparta Praga: 1-0
Omoniýa – Benfika: 1-4
Hoffenhaým – Lion: 3-0
PDF








