24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze kuwwatly itergi berendigini bellediler.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň barşyna üns berildi.