Birleşen Arap Emirlikleri bilen Oman Soltanlygynyň arasynda dürli ugurlarda umumy bahasy 129 milliard dirhem (35 milliard dollar) bolan şertnama gol çekildi. BAE-niň WAM agentliginiň habaryna görä, Omanyň Soltany Haýsem ben Taryk Emirliklerde saparda bolup, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Saparyň çäklerinde Işewürlik maslahaty hem geçirildi. Geçirilen gepleşiklerden soňra demir ýol, tehnologiýa, sanly infrastruktura, ylym-bilim ugurlary bilen bir hatarda maýa goýum, durnukly we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda şertnamalara we ähtnamalara gol çekilendigi bellenildi. Iki ýurt Gün we ýel energiýasy bilen bagly taslamalara has köp maýa goýum gönükdirmegi meýilleşdirýär.