Ýewropa Parlamenti Bileleşigi agza ýurtlarda zyňyndylary azaltmak üçin täze kanuny güýje girizdi. Parlamentde kabul edilen kanuna görä, myhmanhanalardaky kiçijik şampun gutulary hem-de marketlerdäki ýuka plastik paketler ýaly bir gezek ulanylyp zyňylýan käbir önümler gadagan ediler. Fransiýanyň Strazburg şäherindäki Baş Assambleýadaky maslahatda harytlaryň gabynyň azaldylmagy, täzeden ulanylmagy we gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylmagy ýaly meselelere garaldy. Teklip edilen kanuna 476 deputat oňyn ses berdi. Kanunda gaplamalaryň azaldylmagy üçin dürli çäreler geçiriler. Umumy gaplamalaryň we plastik gaplamalarynyň zyňyndylary 2030-njy ýyla çenli 5, 2035-nji ýyla çenli 10 we 2040-njy ýyla çenli 15 göterim azaldylmagy göz öňünde tutulýar.
2030-njy ýyldan başlap Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda bir gezeklik käbir plastik önümler gadagan ediler. Olara gaýtadan işlenmedik ter miwe we gök önümleriň gaplary, kafelerde we restoranlarda sarp edilýän içgileriň we iýmitleriň gaplary, bir adamlyk souslar, kremler we şekerler, hajathana önümleri, myhmanhana otaglaryndaky kiçijik şampunlaryň we sabynlaryň gaby hem-de 15 mikrondan ýuka aşa ýeňil plastik torbalar degişlidir.
Azyk önümine gönüden-göni degýän gaplarda “PFAS” diýlip atlandyrylýan, tebigatda ýok bolup gitmeýän himiki elementleriň belli bir derejeden köp ulanylmagyna rugsat berilmez.
2029-njy ýyla çenli bolsa, bir gezek ulanylýan plastik önümleriniň we metal içgi gaplarynyň 90 göteriminiň aýratynlykda ýygnalyp, gaýtadan işlenmegi ýola goýlar.
Täze düzgünler agza ýurtlaryň milli parlamentlerinde tassyklanandan soňra güýje girer.