Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir.
Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rus
I tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň birinden ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291, +99364279607) ugradýar.
Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. II tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň we akademiýanyň resmi web-saýtlarynda 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.
II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň II tapgyry 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-5 aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň I tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, welaýatlardaky we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerindäki talyplar internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler. Çeşme: education.gov.tm